Işiňiz sizsiz işlär

Türkmenistanda telekeçilige häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmaga, satuw ulgamyny gurmaga we giňeltmäge kömek edýäris.

10+

ýyl IT-de

50+

taslama

10+

ugurda tejribe

500+

ulanyjy

Türkmenistanyň öňdebaryjy kompaniýalary bize ynanýar

Bilim, gözellik, syýahatçylyk, B2B we beýleki ugurlardan 50+ müşderi

Turkmen Congress logo — Clever partner
Imdat Elektronika logo — Clever partner
ImdatBot logo — Clever partner
A Studio logo — Clever partner
AGG Lighting logo — Clever partner
StartUp Academy logo — Clever partner
TPS logo — Clever partner
Yedidogan Nur logo — Clever partner
Alem Sport logo — Clever partner
TTF logo — Clever partner
GS1 Turkmenistan logo — Clever partner
Made in Turkmenistan logo — Clever partner
KEH logo — Clever partner
Turkmen Congress logo — Clever partner
Imdat Elektronika logo — Clever partner
ImdatBot logo — Clever partner
A Studio logo — Clever partner
AGG Lighting logo — Clever partner
StartUp Academy logo — Clever partner
TPS logo — Clever partner
Yedidogan Nur logo — Clever partner
Alem Sport logo — Clever partner
TTF logo — Clever partner
GS1 Turkmenistan logo — Clever partner
Made in Turkmenistan logo — Clever partner
KEH logo — Clever partner

Tanyşmy?

Iş sizsiz ýöränok?

Iki ýyl dynç almadyňyz. Ertir hassalansaňyz — nokady kim açar, müşderilere kim jogap berer, hasaby kim çykarar? Hiç kim. Sebäbi sistema — bu siziň özüňiz.

Hemme zat adamlara bagly

Esasy işgär çykdy — müşderi bazasy hem gitdi. Täze işgär jaň etmegi ýatdan çykardy — siz bir hepde soň bildiňiz. Siz satuwy dolandyrmaýarsyňyz. Adamlara umyt edýärsiňiz.

Satuwlar — lotereýa ýaly

Bir aý gowy, beýlekisi — şowsuz. Näme üçin? Belli däl. Satuw tapgyrlary ýok, sanlar ýok, pullaryň nirde ýitýäni belli däl. Her aý noldan başlaýarsyňyz.

Tutuş gün — şol bir iş

Her gün şol bir zat: geçirmek, ibermek, barlamak — ýene elleriňiz bilen. Strategiýa üçin wagt ýok. Ösüş üçin güýç ýok. Maşgala welin asla wagt galanok.

Biz muny nädip çözýäris?

Bulaşyklykdan tertibe — üç ädim

01
AUDIT
Işiňizi sanlara bölýäris

Nirde pul, wagt we müşderi ýitirýändiňizi görýäris. Çaklama ýok — hasaplaýarys. Auditden soň işiňizi tutuşlaýyn görýärsiňiz. Audit mugt.

02
IŞE GIRIZMEK
Gurallary saýlaýarys we toparyňyza öwredýäris

CRM, awtomatizasiýa, çat-botlar — diňe size gerek zatlar. Soňra toparyňyzy täzelikler bilen dogry işlemäni öwredýäris: satuw, garşylyklar bilen işlemek, AI-gurallar. Adamsyz ulgam işlemeýär — biz ikisini hem ýapýarys.

03
ÖSÜŞ
Netijäni pulda ölçeýäris, hasabatlarda däl

Girdejiniň, adaty işlere wagtyň, konwersiýanyň nädip üýtgändigini yzarlaýarys. Sanlar ösmeýän bolsa — düzedýäris. Siz edilen iş barada prezentasiýalary dälde netijäni görýärsiňiz.

Hyzmatlar

Näme edýäris

STRATEGIÝA WE ÖSÜŞ

Satuw we marketing ulgamyny guraýarys, işiňiz çaklanyp bolýan görnüşde öser ýaly, tötänleýin däl.

  • Marketing: strategiýa, reklama, satyş tapgyrlary
  • Işewürlik maslahaty: operasion, maliýe
  • Satuw ulgamy: skriptler, satyş tapgyrlary, analitika
Girdejide görünýän ösüş, hasabatlarda däl

IŞI AWTOMATLAŞDYRMAK

Programma üpjünçiligini işläp düzýäris we adaty işleri öz üstüne alýan ulgamlary ornaşdyrýarys. Ýüzlenmeleri gaýtadan işlemek, resminamalaşdyrmak, hasabat bermek — awtomatiki.

  • Sargyt boýunça programma we iş programmalaryny işläp düzmek
  • Prosesleri awtomatlaşdyrma we integrasiýalar
  • Taýyn çözgütler: Clever CRM, AI-çatbotlar
Işgärleriňiz müşderiler bilen meşgullanýar, tablisalar bilen däl

OKUW WE ÖSÜŞ

Toparyňyz öwrensin — netije görünsin. Satuwlar, garşylyklar bilen işlemek, işde AI ulanmak.

  • Neýro-Pomp: AI boýunça intensiw (2 gün)
  • Satuw boýunça treningler (1–2 gün)
  • Doly korporatiw tälimleri
Toparyňyz satýar, diňe jaňlara jogap bermeýär

Hakyky taslamalar. Hakyky sanlar.

Müşderilerimiziň netijeleri

Bilim merkezi
Bilim merkezi
1 aý

0

günde ýüzlenme — birini hem sypdyrman

Mesele

Kabul döwründe menejer gije sagat 3-e çenli işleýärdi we şonda-da ýetişmeýärdi. Ortaça jogap wagty — 4–8 sagat. Müşderiler garaşman gidýärdiler.

Çözgüt

  • Instagramda awtosatyş: maglumat, saýlama, kontaktlary ýygnamak — awtomatiki
  • Menejer diňe gyzgyn lidler bilen işleýär
"

Öň menejer gije 3-e çenli işleýärdi. Indi bot günde 300 ýüzlenmäni gaýtadan işleýär, menejer bolsa gyzgyn lidler bilen işleýär.

ImdatBot, bilim merkezi

Programma üpjünçiligi
Programma üpjünçiligi
1 hepde

0x

el bilen terjime etmekden çalt we arzan

Mesele

Uly daşary ýurt ulgamyny türkmen diline lokalizasiýa etmek. 42 000 setir. El bilen — 10 aý iş we 30 000 manat. Maşyn terjimesi başarmady: kod salgylanmalary we ýörite sintaksis hemme zady bozýardy.

Çözgüt

  • Clever Translate — kody saklap AI arkaly awtoterjime programmasyny işläp düzdük
  • Ýörite sintaksisi el bilen goşulmazdan awtomatiki gaýtadan işlemek
"

10 aý we 30 000 manat meýilleşdirilen zat, bir hepdede we 300 manada edildi.

Clever Translate

Dabaralary gurnamak
Dabaralary gurnamak
3 gün

0 minut

çäre meýilnamasyny taýýarlamak üçin

Mesele

Aýda 15–20 çäre. Meýilnama taýýarlamak 1–2 gün alýardy: näme hödürlemeli, haýsy rekwizitler boş, näçe adam gerek. Döredijilik topary şertleri özleri goýýardy — eýe «ýyldyz» işgärlere baglanyp galýardy.

Çözgüt

  • Doly bilim bazasy bolan AI-kömekçi döredildi: programmalar, enjamlar, işgärler, bahalar
  • Hakyky wagtda çeşmeleriň elýeterliligini göz öňünde tutup wariant döretmek
"

Öň programa bir gün gerekdi. Indi AI sekuntlarda wariantlary döredýär, we olar biziň «ýyldyz» işgärlerimiziň öndüreninden gowy.

Rishat.event, dabaralary gurnamak

Clever Turkmenistan-yň arkasyndaky topar

Batyr Rejepow — Taslamalar ýolbaşçysy. AI-tälimçi

Batyr
Rejepow

Taslamalar ýolbaşçysy. AI-tälimçi

  • Sertifikatly AI-hünärmeni
  • Google sertifikatly digital-marketolog
  • ImdatBot-yň dolandyryjy hyzmatdaşy — 1 500+ okuwçy
AIStrategiýaMarketing
Syýawuş Ýagşymyradow — Satuw bölüm ýolbaşçysy

Syýawuş
Ýagşymyradow

Satuw bölüm ýolbaşçysy

  • Satuw bölümlerini noldan gurmak
  • Tälimler: garşylyklar, gepleşikler, skriptler
  • Işewürlik üçin ERP/CRM ulgamlaryny ornaşdyrma
SatuwOkuwERP/CRM
Dowran Odebaýew — Işläp düzüş bölümiň başlygy

Dowran
Odebaýew

Işläp düzüş bölümiň başlygy

  • Full-stack: maglumat bazasyndan interfeýse çenli
  • Prosesleri awtomatlaşdyrma: –60% el işi
  • AI-integrasiýalar we daşarky hyzmatlaryň birikdirilmegi
Işläp düzüşAwtomatizasiýaAI-integrasiýalar
Ýakup Gyratlyýew — Dizaýn bölümiň başlygy. AI-kreator

Ýakup
Gyratlyýew

Dizaýn bölümiň başlygy. AI-kreator

  • 80+ taslama: programmalardan brendinge çenli
  • AI-wizual: Midjourney, Veo 3, Nano Banana
  • Biznes dizaýny: aýdentika, UI/UX, kontent
UI/UXBrendingAI-wizual

Clever Turkmenistan bilen işleşip, siz frilanser däl-de, netijeleriňiz üçin işleýän doly hünärmenler toparyny alýarsyňyz.

Müşderilerimiz näme diýýär

Rişat

Eýesi, Rishat Event

Öňler her programma iki gün gerek bolýardy — oturýardyk, pikir edýärdik, topar bilen jedel edýärdik. Indi men diňe girişleri ýazýaryn, bir minutda taýýar wariant alýaryn. Üç günde oglanlar biziň rekwizitimizi işgärlerimden gowy bilýän kömekçi ýygnadylar.

3

GÜN

ornaşdyrmak üçinprogramma üçin 0 minut

Selbi

Administrator, ImdatBot

Kabul döwründe gije sagat 3-e çenli işläp, barybir hemmesine jogap berip ýetişmeýärdim. Jogap wagtyna birnäçe sagat gidýärdi. Adamlar garaşmaýardylar. Awtoworonkadan soň bot bir minutda jogap berýär, kontaktlary ýygnaýar, men bolsa diňe ýazylmaga taýýar müşderiler bilen işleýärin.

300

ÝÜZLENME/GÜN

1 minutda jogap0 ýitirilen arza

Artýom Sorokin

Taslama ýolbaşçysy, Lokalizasiýa

42 000 setir terjime. El bilen edilen bolsa 10 aý we 30 000 manat. Clever Translate muny 8 sagatda we 300 manatda etdi. Koddaky ýekeje ýalňyşsyz — maşyn terjimesi hemme zady bozýardy, bu programma bolsa sintaksisi saklaýar.

100x

ÇALT WE ARZAN

10 aýyň ýerine 8 sagat30 000 ýerine 300 manat

AI programmasynagatnaşyjylaryňteswirlerі

Enejan Welmuradowa

AI-treninginiň gatnaşyjysy

Merdan Geldimuradow

AI-treninginiň gatnaşyjysy

Anna Sultanowa

AI-treninginiň gatnaşyjysy

Merdan Abdyrasulow

AI-treninginiň gatnaşyjysy

Dmitriý Rogowik

AI-treninginiň gatnaşyjysy

Köp soralýan soraglar

Ýüzlenme goýuň — işiňizi 60 minutda seljereris. Mugt we borçnamasyz. Biz bilen işleşmegi karar etmeseňiz hem hereket meýilnamasyny alarsyňyz.

Ilkinji netijeler — 2-4 hepdeden. Durnukly ulgamlaýyn ösüş — 2-3 aý işlänsoň.

Hawa. Bilim merkezleri, gözellik salonlary, restoranlar, B2B, e-söwda. Pudagyňyz sanawda ýok bolsa — çözgüdi siziň üçin uýgunlaşdyrarys.

Şertnama gol çekilende 50% öňünden töleg, iş tamamlananda 50%. Uzak möhletli taslamalar üçin — aýlyk töleg.

Bir gezek gürleşmek has aňsat

Işiňizi 60 minutda seljereris. Mugt.

Mugt audit

ýa-da jaň ediň: 10-58-48

60 minutda işiňizi doly derňeýäris we ösüş üçin anyk ädimler meýilnamasyny düzýäris.

Işi seljerme

Näme işlemeýän bolsa — tapýarys. Näme ösdürip bolar — görkezýäris.

Anyk maslahatlar

Şu hepde ornaşdyryp boljak zatlar

30–90 günlük meýilnama

Ileri tutmaly zatlary bilen doly ýol kartasy

Potensialy bahalandyrma

Nirde ýitirýändigiňizi we nirä ösüp biljekdigiňizi görkezýäris

* Hiç hili basyş ýok. Biziň bilen işlemeseňiz-de peýda alarsyňyz.

Audit
Sessiýa

MUGT

Mugt audite ýazylmak

Kontaktyňyzy galdyryň — amatly wagt saýlarys

Ýüregiňize düşemizok. Diňe tassyklamak üçin jaň ederis.

Indiki ädimler

1
Şu günArza goýýarsyňyz
2
4 sagatdanWagty tassyklaýarys
3
1-3 gündenAudit-sessiýa (60 min)
4
DessineÝazgy + gysgaça netije